Maý aýynda geçiriljek parlamentara çäreleriň ýokary guramaçylygyny üpjün etmek tabşyryldy

  • 28.01.2022 09:39
  • 6k+

27-nji ýanwarda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda geçiriljek parlamentara çärelere taýýarlyk görmegiň zerurdygy barada aýtdy.

Hususan-da, Daşary işler ministrligi bilen bilelikde şu ýylyň maý aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna, onuň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna gowy taýýarlyk görmeli, Parlamentara forumyň gün tertibiniň taslamasyny düzüp, bu ugurda ýurdumyzyň Hökümeti bilen bilelikde işleri alyp barmaly diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Bellenilişi ýaly, dürli ýurtlaryň parlamentleri, şeýle hem abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça netijeli işleri dowam etmeli. Parlamentara toparlaryň, dostluk toparlarynyň işine Halk Maslahatynyň agzalarynyň hem gatnaşmagy üçin degişli işleri alyp barmaly.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......