«Zenit» Albertony alyp bilse, Azmuny «Baýere» gyşda goýbermäge razy

  • 27.01.2022 19:37
  • 6.3k+

«Zenitiň» türkmen gelip çykyşly eýranly hüjümçisi Serdar Azmun «Baýere» eýýäm şu gyşda geçip biler, ýöne eger-de rus kluby oňa derek «Internasionalyň» hüjümçisi Ýuri Alberto bilen ylalaşyk gazanyp bilen ýagdaýynda bu geleşik başa barar diýip, Kicker habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, eger-de «Zenit» Alberto bilen gol çekişip bilse, onda Azmuny «Baýera» az mukdarda tölege şu gyşda goýberip biler.
Ýatlatsak, geçen hepdede Azmun «Baýer» bilen 2027-nji ýyla çenli şertnama gol çekişdi. Häzirki ýagdaýda futbolçy lewerkuzen klubyna 2022-nji ýylyň tomsunda «Zenit» bilen şertnamasy tamamlanandan soň geçmeli.
Häzirki möwsümde ähli ýaryşlarda 21 oýunda Azmun 10 gol geçirdi we dört sany netijeli ýardam pasyny etdi. Azmun «Zenitiň» düzüminde 2019-njy ýyldan bäri çykyş edip gelýär.


şu gün 08:01
341

«Barselona» Flik bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltmak barada ylalaşdy

Ispaniýanyň «Barselona» futbol kluby bilen baş tälimçi Hans-Diter Flik zähmet şertnamasyny uzaltmak barada ylalaşyk gazandy. Insaýder Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, täzelenen şertnama 2027/28......

düýn 19:30
2.3k+

«Inter» finalda «Lasio» toparyny utup, onunjy gezek Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy

Milanyň «Inter» kluby 2025/2026 möwsüminiň Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň final duşuşygynda Rimiň «Lasio» toparyny 2:0 hasabynda utdy. «Neradzurri» bu kubogy öz taryhynda onunjy gezek gazandy....

düýn 16:35
4.5k+

«Real» resmi taýdan möhletinden irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi

Madridiň «Realy» aslynda 2029-njy ýyla meýilleşdirilen klubuň prezidentiniň we direktorlar geňeşiniň möhletinden irki saýlawlarynyň başlanýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

13.05.2026 23:00
2.9k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....