Geçen hepdede Türkmenistanyň biržasy: 54 million dollarlyk 26 geleşik

  • 24.01.2022 14:27
  • 5.6k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 54 million dollaryna barabar boldy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyklandyryş kerosinini, polipropileni, ýangyç mazudyny, nebit koksuny, bitumyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Serbiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri dürli metallaryň ýüzündäki posy we ýagy arassalamak üçin serişdäni hem-de buýan köküniň gury ekstraktyny satyn aldylar. 
Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 87 müň manatdan gowrak bolan derman senagatynyň dürli görnüşli önümlerini satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 254 müň 430 dollaryna deň bolan nah ýüplügi, şeýle hem bahasy 1 million 613 müň manatdan gowrak bolan el halylaryny we pagta süýümini satyn aldylar.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......