Dünýä iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary 2022-nji ýylda ykdysadyýetiň gowulaşmagyny çaklaýar

  • 17.01.2022 14:49
  • 7.7k+

Dünýädäki iň uly kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň 75%-den gowragy 2022-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň gowulaşmagyna garaşýar. Bu soňky 10 ýylda iň optimistik çaklama diýlip, PwC konsalting kompaniýasy tarapyndan geçirilen pikir soraşmanyň netijesinde aýdylýar. Bu barada TASS habar berýär.

“Soraga gatnaşan ýolbaşçylar geljek ýylda ykdysadyýeti güýçlendirmek perspektiwalary bilen baglylykda soňky 10 ýylda iň optimistik çaklamany berýärler. Iň uly dünýä kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň dörtden üç böleginden gowragy (77%) dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýynyň gowulaşjakdygyny, diňe 15%-i şertleriň ýaramazlaşjakdygyny çaklaýar” – diýip, kompaniýa belleýär.

Optimizm derejesi Hindistanda has ýokary bolup, bu ýerde sorag edilen kompaniýa ýolbaşçylarynyň 94%-i 2022-nji ýylda global ykdysady ösüşe garaşýar. Şeýle-de, oňyn ösüşe uly tamalar Italiýada (soraga gatnaşanlaryň 89%-i), Fransiýada (85%), Ýaponiýada (83%) we Beýik Britaniýada (82%) hasaba alyndy. 

Käbir ýurtlarda optimizm derejesi geçen ýylyň pikir soraşmasy bilen deňeşdirilende peseldi. Ýagny, ABŞ-da 2022-nji ýylda ykdysady dikelişe bir ýyl ozalky 88%-e garşy iş berijileriň 70%-i, Braziliýada 85%-e garşy 77%-i, Germaniýada 80%-e garşy 76%-i, Hytaýda 71%-e garşy 62%-i garaşýar. Kompaniýalaryň ýolbaşçylary makroykdysady durnuklylyk üçin esasy howp hökmünde kiber-howplaryny (49%) we saglyk üçin howplary (48%) bellediler. Ýolbaşçylaryň 43%-i inflýasiýanyň we JIÖ derejesiniň üýtgemeginiň bolup biljek täsiri bilen bagly alada galýarlar.

PwC pikir soraşmasy 2021-nji ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda geçirildi. Gözlege 89 döwletden dünýäniň iň uly kompaniýalarynyň 4 446 ýolbaşçysy gatnaşdy.


düýn 16:17
1.7k+

Strategik çeşme: topragy seýrek metal gorly ýurtlaryň reýtingi

Hytaý örän möhüm minerallaryň gazylynyp alnyşy çäginde dünýäniň öňdebaryjy ýurdy derejesini saklap gelýär. Bu ýurduň 44 million tonna möçberinde gory bar diýip, USGS Mineral Commodity Summaries 2025......

06.04.2026 15:53
1.5k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy $4 milliondan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 26 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport amallarynyň umumy möçberi 4 million ABŞ dollaryndan geçdi....

03.04.2026 16:12
2.5k+

Bakuwda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ulag geçelgelerini ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

1-nji aprelde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew Bakuwda Azerbaýjanyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi....

30.03.2026 11:09
4.4k+

Latyn Amerikasy dünýä azyk bazaryndaky ornuny pugtalandyrýar

Latyn Amerikasy dünýäniň esasy azyk üpjün edijileriniň biri hökmündäki ornuny berkidýär. Sebitdäki ýurtlar soýa we sygyr etinden başlap, kofe we awokado çenli dünýäde üpjünçiligiň uly bölegini emele getirýär....