Dubaý daşary ýurtly hünärmenler üçin ýörite wizalary hödürleýär

  • 13.01.2022 23:16
  • 10k+

Dubaýyň häkimiýetleri zehinli daşary ýurtly frilanserler üçin täze üç ýyllyk Talent Pass rezident wizalaryny hödürleýär. Bu barada Khaleejtimes.com ýazýar diýip, Korrespondente salgylanyp, Day.Az habar berýär.

Bu başlangyç emirlige ykdysadyýetiň KHBS, bilim, tehnologiýa, sungat, marketing we konsalting ýaly pudaklaryny ösdürmek üçin aýratyn başarnykly döredijilik işgärlerini çeker diýlip meýilleşdirilýär. Täze Talent Pass resminamasy öz eýesine ýaşamak üçin üç ýyllyk ygtyýarnama almaga we DAFZ-yň çäginde ofis ýerlerini kärendesine almaga hem-de 1800-den gowrak kompaniýanyň işleýän ösen frizona ekoulgamyna girmäge hukuk berer.  
2021-nji ýylyň ýazynda işe girizilen erkin ykdysady zolagyň çäginde suratkeşler ýaşap, işläp, öz eserlerini görkezip, önüm satyp we master sapaklaryny geçip bilerler. 
Strategiýa laýyklykda, geljek 5 ýylda Dubaýda döredijilik kompaniýalarynyň sany 8-den 15 müňe çenli, emirlikde ýaşaýan döredijilik hünärmenleriniň sany bolsa 70-den 150 müňe çenli artar.


düýn 13:15
2k+

Raşid Meredow BAE-niň wise-prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

4-nji fewralda Abu-Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy...

04.02.2026 13:14
1.6k+

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BAE-däki kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdy

3-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýa saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi...

04.02.2026 13:10
1.5k+

Aşgabat we Abu-Dabi energetika dialogyny işjeňleşdirmek barada ylalaşdy

3-nji fewralda Dubaýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşygy boldy...

04.02.2026 12:18
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 3-5-nji fewraly aralygynda Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar...