Hindistanda Kriştianu Ronaldunyň hormatyna heýkel oturdyldy

  • 30.12.2021 08:20
  • 14k+

Hindistanyň Goa ştatynyň Kalangut şäherinde “Mançester Ýunaýtediň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň hormatyna heýkel oturdyldy. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

Goanyň ministri Maýkl Lobo heýkeliň oturdylmagy barada teswir berdi. “Times of India” gazetiniň habaryna görä, heýkeliň bahasy 15 müň ýewro barabar, agramy bolsa 400 kilogramdan gowrakdyr.

"Futbola bolan söýgi sebäpli hem-de ýaşlarymyzyň haýyşy boýunça, olary futboly täze belentliklere çykarmaga ruhlandyrmak maksady bilen, biz seýilgähde Kriştianu Ronaldunyň heýkelini dikdik" - diýip, Lobo özüniň Twitter sahypasynda ýazdy.


şu gün 09:54
791

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
14k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
10k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
6.9k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......