"PSŽ" Messiniň köýnekçesinden bir milliona golaýyny satdy

  • 24.12.2021 22:35
  • 7.4k+

Fransiýanyň "Pari Sen-Žermen" kluby Lionel Messiniň ady ýazylan sport köýnekçesinden bir milliona golaýyny satmagy başardy. Bu barada Goal.com habar berdi.

“Messi örän gowy girdeji çeşmesidir. Ol biziň girdejimize juda gowy täsir edýär. 2020-nji ýylda biz beýleki klublara garanyňda, has köp forma satdyk diýip pikir edýärin. Bu ýyl sanlar hasam artdy. Sport önümlerimize isleg gaty uly. Eger-de has köp futbolka çykaryp bilsek, şonça-da köp satyp bilerdik"-diýip, neşir klubuň direktory Mark Armstrongyň sözlerine salgylanýar.

Ýeri gelende bellesek, Messi 2021-nji ýylyň 10-njy awgustynda "Pari Sen-Žermen" toparyna goşuldy.


düýn 15:42
6.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......