Berdimuhamedow häkimler we käbir ýolbaşçylar bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 21.12.2021 08:42
  • 14k+

20-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, paýtagtymyzyň abadanlaşdyrylyşy, Täze ýyly garşylamaga taýýarlyk görlüşi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynda, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew we welaýatlaryň häkimleri hasabat berdiler. Hususan-da, ýolbaşçylar ýurdumyzyň oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, hususan-da, şu günler welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda howa şertlerine laýyklykda, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň ýerine ýetirilýändigi, bugdaýa ideg etmekde oba hojalyk tehnikalarynydyr gurallaryny netijeli işletmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigi barada hasabat berdiler.

Ilaty özümizde öndürilen ýeralma hem-de gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek, olaryň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmak hem-de eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen, bu ekinleriň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek zerur diýip, türkmen Lideri belledi hem-de sebitlerde Täze ýyl baýramçylygyny ýokary derejede guramak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow hasabat berdi. Olar Aşgabat şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl baýramyny ýokary derejede mynasyp garşylamak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......