Chanel baş müdirini üýtgedýär

  • 16.12.2021 17:30
  • 5.2k+

Fransiýanyň Chanel SA kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji müdiri öň Unilever Plc kompaniýasynda HR-müdiri wezipesini ýerine ýetiren Lina Nair bolar. Chanel moda öýüne dogany Žerar Werthaýmer bilen bilelikde eýeçilik edýän häzirki baş müdir Alen Werthaýmer indiki ýylyň başyndan kompaniýanyň ýerine ýetiriji başlygy wezipesini eýelär diýlip, Chanel-iň habarynda aýdylýar. Muny www.swissinfo.ch ýetirýär.

Nair 1992-nji ýyldan bäri iýmit önümlerini we öý üçin harytlary öndürýän Unilever kompaniýasynda işleýär. Ol karýerasyna Unilever-iň Hindistandaky bölümçesinde başlap, wagtyň geçmegi bilen wezipesini ýokarlandyrdy.

Unilever Nairiň kompaniýanyň iň ýaş HR-müdiri, şeýle-de bu wezipede ilkinji aýal we Aziýanyň ilkinji wekili bolandygyny belleýär. Nair Chanel-iň baş müdiri hökmünde Londonda işlär, ol ýerde 2018-nji ýyldan bäri moda öýüniň ştab-kwartirasy ýerleşýär.

2020-nji ýylda Chanel girdejisi boýunça dünýäde “lýuks” harytlaryny öndürijileriň arasynda altynjy orny eýeledi. Geçen ýyl koronawirus pandemiýasy sebäpli onuň satuwy ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 17,6% peselip, 10,1 mlrd dollara ýetdi.  

Bain & Co-nyň hasaplamasy boýunça, şu ýyl dünýädäki “lýuks” öndürijileriniň umumy satuwy, takmynan, 283 mlrd ýewro bolar, 2025-nji ýyla çenli bolsa 370 mlrd ýewro ýeter. 

düýn 18:30
988

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....