Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady

  • 12.12.2021 09:45
  • 4.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti 12-nji dekabrda bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli türkmen halkyna Gutlag iberdi. Onda: «Bitaraplyk dünýäniň abadançylygyna, döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygyň, dostlugyň hem-de hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, adamzadyň bagtly geljegine gönükdirilen taglymatdyr. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Halkara Bitaraplyk gününi, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny uly taryhy wakalar, ajaýyp zähmet ýeňişleri, aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri bilen garşy alýarys» diýlip, Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň döwlet syýasatyndaky orny barada aýratyn nygtalýar.  

Gutlagda bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegini üpjün etmäge, senagat, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa, durmuş ulgamlaryny ösdürmäge, tebigy serişdelerimizi oýlanyşykly peýdalanmaga, daşary ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işlerimiz bu gün ilatymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga we ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

«Eziz Watanymyza bolan söýgimiz, ösüşleriň täze sepgitlerine ýetmekdäki belent ynamymyz bilen Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň esaslaryny berkidýän işlerimizi geljekde hem üstünlikli dowam etdireris» diýip, türkmen Lideri şanly sene bilen ähli türkmen halkyny gyzgyn gutlaýar.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......