Şweýsariýanyň Lýusern şäherinde geçiriljek 2021-nji ýylyň gyşky Uniwersiadasy koronawiursyň täze ştammynyň çüze çykmagy sebäpli ýatyryldy. Bu barada TASS Halkara Uniwersitet sport federasiýasyndaky (FISU) çeşmä salgylanyp habar berýär.
“Uniwersiada ýakynda ýüze çykarylan koronawirusyň täze ştammy “omikron” sebäpli ýatyryldy. Bu karar Şweýsariýanyň häkimiýetleri tarapyndan Afrika ýurtlaryndan gelýänler üçin hökmany 10 günlük karantiniň girizilmegi bilen baglanyşyklydyr, netijede Lýuserndäki Uniwersiadanyň geçirilip bilinmejekdigi kesgitlenildi” – diýip, çeşme belledi.
Soňrak TASS-yň çeşmesiniň habaryny Şweýsariýanyň Uniwersitet sport federasiýasynyň metbugat gullugy hem tassyklady.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy anna güni Afrikanyň günortasynda ýüze çykarylan B.1.1.529 koronawirus ştammyny grek harpy “omikron” bilen aňlatdy. Bu görnüşde mutasiýa köp bolup, olaryň birnäçesi BSGG-ni alada goýýar.
Lýuserndäki gyşky Uniwersiada 11-nji dekabrdan 21-nji dekabr aralygynda geçirilmelidi. Indiki gyşky Uniwersiada 2023-nji ýylda Amerikanyň Leýk-Plesid obasynda geçmeli. Şol ýylyň awgust aýynda Ýekaterinburgda tomusky Uniwersiadany geçirmek meýilleşdirilýär.