Ançelotti «Realda» ömürlik galmak isleýändigini mälim etdi

  • 01.12.2021 09:27
  • 7.6k+

Madridiň "Realynyň" baş tälimçisi Karlo Ançelotti korollyk klubyndaky işini futbol üçin hem, ýaşamak üçin hem iň amatly ýer hasaplaýar. Bu barada playmaker24.ru habar berýär.

"Realyň" teklibi ajaýyp bir garaşylmadyk waka boldy, ýogsa men asyl hem klub bilen aragatnaşygy bes etmändim. Özüme galsa, ömrümiň ahyryna çenli şu ýerde galardym. Bu - futbol we ýaşamak üçin iň amatly ýer" - diýip, Marca Ançelottiniň sözlerini getirýär.

62 ýaşly italýan hünärmeni 2021-nji ýylyň tomsunda korollyk klubynyň başyna geçdi. Onuň "Real" bilen şertnamasy 2024-nji ýylyň iýunyna çenli dowam eder. Ýeri gelende bellesek, hünärmen toparda ozal - 2013-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli hem işläpdi.


şu gün 13:04
3k+

Ýewropa we Konferensiýa ligalarynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşyklary geçdi

Öten agşam UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň 1/8 finalynyň birinji duşuşyklary geçirildi. Iki ýaryşyň hem jogap oýunlary 20-nji marta geçilýän gije oýnalar. Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji...

şu gün 09:25
4.6k+

«Arkadag» topary yzygider ikinji ýyl TFF-iň Kubogynyň eýesi boldy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň aýgytlaýjy oýny geçirildi. Duşuşykda «Arkadag» topary yzygider ikinji gezek Kubogy almagy başardy diýip, TFF-iň metbugat gullugy habar berýär...

düýn 11:16
6.4k+

ÇL-nyň 1/8 finaly: Walwerde 3:0 «ManSiti», «PSŽ» Kwarasheliýanyň kömegi bilen «Çelsini» ýeňdi

12-nji marta geçilýän gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň galan dört duşuşygy geçirildi.  Bu oýunlarda «Real Madrid», «Pari Sen-Žermen» we «Budýo-Glimt» ýeňiş gazandy, «Baýer» bilen «Arsenal» deňme-deň oýnady...

11.03.2026 14:07
7.2k+

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy geçen möwsümiň iň ökde oýunçylaryny we tälimçilerini yglan etdi

Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) konferensiýasynda 2025-nji ýylyň futbol we futzal möwsüminiň jemleri jemlenildi. Sport žurnalistleriniň we klub wekilleriniň arasynda geçirilen ses berişligiň netijesinde ýylyň iň gowy futbolçylary we hünärmenleri kesgitlenildi...