Rangnik “Mançester Ýunaýted” futbol klubynyň wagtlaýyn tälimçisi wezipesine bellendi

  • 29.11.2021 19:12
  • 5.7k+

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” futbol kluby germaniýaly Ralf Rangnigi toparyň wagtlaýyn tälimçisi wezipesine belledi. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär diýip, TASS belleýär. 

Şertnama iş wizasyny almak şerti bilen şu möwsümiň ahyryna çenli niýetlenýär. Şertnamanyň möhleti tamamlanandan soň hünärmen klubda maslahatçy hökmünde işini dowam etdirer. 21-nji noýabrda işden çykarylan norwegiýaly Ule Gunnar Sulşeriň ornuny çalşyran, baş tälimçi wezipesini ýerine ýetiriji Maýkl Karrik Rangnik wiza alýança topar bilen işleşmegini dowam etdirer. 

“Men “Mançester Ýunaýtede” goşulandygyma örän begenýärin we şu möwsümi klub üçin üstünlikli etmäge ünsi jemlärin. Topar zehinli bolup, onda ýaşlyk we tejribe utgaşýar. Geljek alty aýyň dowamynda meniň ähli tagallalarym bu oýunçylara potensialyny hem indiwidual, hem topar bilen bilelikde durmuşa geçirmek üçin kömek etmäge gönükdiriler. Mundan başga-da, men konsultasion esasda klubuň uzak möhletli maksatlaryny goldamak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” – diýip, Rangnik aýtdy.

Rangnik 63 ýaşynda, ol tälimçi hökmünde iki gezek Germaniýanyň “Leýpsig” klubuna ýolbaşçylyk etdi (2015-2016; 2018-2019). Onuň işlän döwründe “Leýpsig” Germaniýanyň bürünç baýrakçysy boldy, şeýle-de ýurduň kubogynyň finalyna çykdy. Rangnik “Şalkede”, “Hoffenhaýmda”, “Gannowerde” we “Ştutgartda” baş tälimçi bolup işledi. “Şalke” bilen bilelikde ol Germaniýanyň kubogyny aldy we milli birinjiligiň kümüş medallaryna eýe boldy.

“Mançester Ýunaýted” 13 oýunda 18 utuk gazanyp, Angliýanyň çempionatynyň turnir sanawynda sekizinji orny eýeleýär. Angliýanyň kluby öň özi üçin Çempionlar ligasynyň pleý-offuna çykmagy kepillendiripdi. 


şu gün 14:15
1.7k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.3k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.3k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......