Aktrisa Salma Haýek Golliwudyň “Şöhrat alleýasynda” ýyldyzy aldy

  • 24.11.2021 14:56
  • 14k+

Asly Meksikadan bolan amerikaly aktrisa Salma Haýek Golliwudyň “Şöhrat alleýasyndan” ýyldyz aldy. Bu barada People žurnalyna salgylanyp, lenta.ru habar berdi.

Dabara aktýor Adam Sendler, şeýle hem Haýekiň Marveliň “Ölmezekler” atly täze filmi boýunça kärdeşleri - režissýor Hloýa Çžao we filmde esasy keşpleriň birini janlandyrýan Kumeýl Nanjiani dagylar gatnaşdy diýip, habarda aýdylýar.

“Başyna baran her işiňizde iň gowusy boluň. Has-da kämilleşmäge çalyşyň. Edýän işiňizden lezzet aljak boluň. Yhlasly işläň. Taýýarlanyň. Kim näme diýse diýibersin. Ýöne iň esasysy, haçan-da bir işiňiz başa barmanda, özüňizi diňlemäň" diýip, 55 ýaşly aktrisa öz çykyşynda aýtdy.

Salma Haýek häzire çenli 30-dan gowrak filmde çykyş etdi. Ol 2002-nji ýylda çykan “Frida” filmindäki roly üçin iň oňat aktrisa diýen ugur boýunça "Oskar" baýragyna dalaşgär görkezildi we bu babatda asly Meksikadan bolan ilkinji aktrisa boldy.

düýn 13:07
3.1k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....