«Barselona» Dani Alwesiň gaýdyp gelendigini habar berdi

  • 13.11.2021 23:03
  • 9.3k+

Dünýädäki iň meşhur oýunçy we braziliýaly goragçy Dani Alwes resmi taýdan katalonlylaryň “Barselonasyna” gaýdyp geldi. 38 ýaşly oýunçy bilen şertnama 2021/22-möwsüminiň ahyryna çenli niýetlenýär. Oýunçy indiki hepdede türgenleşige başlap bilýär, ýöne ýanwar aýyna çenli oýnap bilmez. Öň ol bu klub üçin 2008-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli çykyş edipdi diýip, sovsport.ru belleýär.

Alwes toparyň düzüminde alty gezek Ispaniýanyň çempionatynda, üç gezek Çempionlar ligasynda we UEFA-nyň Superkubogynda ýeňiji boldy, şeýle-de dört gezek ýurduň Kubogyny we Superkubogyny aldy.
Ol bu klub üçin karýerasynyň ilkinji döwründe ähli ýaryşlarda 391 oýna gatnaşyp, 21 gol geçirdi we 101 gol geçirimini etdi. 
Ýatlap geçsek, braziliýaly oýunçy sentýabr aýynda “San-Paulu” bilen şertnamasyny ýatyrdy, bu topar üçin ol 2019-njy ýyldan bäri oýnaýardy.


şu gün 15:42
3.9k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

düýn 20:28
11k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
11k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.7k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......