Berdimuhamedow: «Içerki bazarlar ýerli önümler bilen doly üpjün edilmelidir»

  • 07.11.2021 00:02
  • 17k+

Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler E.Orazgeldiýewe we Ç.Gylyjowa daşary ýurtlardan getirilýän gök önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek meselelerini içgin öwrenmegi tabşyryp, munuň üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Döwlet Baştutany ýerleriň bölünip berlişini çaltlandyrmak bilen bagly meselä hem ünsi çekdi. Gök-bakja önümleriniň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak üçin bu ekinleriň ekilýän meýdanlary köpeldilmelidir. Bu önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de oba hojalyk önümleriniň daşyndan getirilişini azaltmak boýunça zerur işler geçirilmelidir.

Türkmen Lideri şeýle hem içerki bazarlarymyzyň özümizde öndürilýän önümler bilen doly üpjün edilmelidigini aýratyn nygtady.


şu gün 07:42
149

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......