Noýabr aýynda magnit hadysalaryna garaşylýar

  • 01.11.2021 23:43
  • 15k+

2021-nji ýylyň noýabr aýynda adamyň saglygyna we ýagdaýyna täsiriniň derejesi ýokary bolan birnäçe magnit hadysasynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada nsk.aif.ru habar berýär.

"Magnit tupany" diýlip atlandyrylýan magnit hadysalary Gün şöhlesiniň netijesinde ýüze çykyp, ol howa garşy duýgur adamlaryň, köplenç hem ýürek-damar ulgamy, wegetatiw-damar distoniýasy we aşa semizlik keselleri bolan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýär.

Tmcars.info çeşmelere salgylanyp, şu aýda garaşylýan magnit hadysasynyň tertibini takyk seneler bilen size hödürleýäris.

Noýabr aýynyň 2-sinde, 5-inden 8-ne çenli aralykda, 14-nden 16-syna çenli aralykda hem-de 21-nji noýabrda dört sany uly we uzak magnit hadysasyna garaşylýar.

2-nji noýabrda magnit tupany gaty bir güýçli bolmaz, gün işjeňligi az bolar, şeýle-de bolsa howa garaşly adamlarda ynjalyksyzlyk döredip biler.

5-8-nji noýabr aralygynda hadysa güýçli bolar. Ol iň ýokary derejesine 6-njy noýabrda ýetip, aýyň 7-sinde we 8-inde gowşap ugrar.

14-16-njy noýabr aralygynda magnit hadysasy diýseň çynlakaý bolar, gün işjeňligi 18-nji noýabra çenli dowam eder.

21-nji noýabrda ortaça magnit hadysasynyň ýüze çykmagyna garaşylýar. Şeýle-de bolsa, şol gün ýürek keseli bolan adamlar öz saglyklaryna aşa ünsli bolmalydyrlar.

düýn 18:22
6.3k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....