Genesis GV70 2022-nji ýylyň iň gowy krossoweri diýlip ykrar edildi

  • 24.10.2021 14:30
  • 5.7k+

Täze Genesis GV70 her ýyl geçirilýän Golden Calipers baýraklarynda 2022-nji ýylyň iň gowy krossoweri diýlip saýlandy. Hünärmenleriň pikiriçe, Genesis hakykatdanam ajaýyp dinamikany we ýokary rahatlygy özünde utgaşdyrýan täze awtoulag döretmegi başardy. Bu barada carsweek.ru habar berdi.

“MotorTrend Group”-yň redaksiýa bölüminiň müdiri Ed Lo täze krossoweriň stili hem-de häzirki zaman tehnologiýasyny birleşdirip, sürüjilere rahatlyk duýgusyny nädip bermelidiginiň ajaýyp mysalydygyny aýdýar.

Genesis-den başga-da, bäsleşige ýene 34 awtoulag gatnaşdy, ýöne bu koreý awtoulagy 6 sany esasy ugurda - tygşytlylygy, ýol hereketinde howpsuzlygy, täze dizaýny, häzirki zaman tehnologiýasy, işleýşi we baha gatnaşygy boýunça ýeňiji boldy.

Genesis-de krossoweriň ykrar edilmeginiň olar üçin uly hormatdygyny bellenildi, sebäbi ony döretmek üçin köp tagallalar we serişdeler sarp edildi.


26.05.2025 15:01
3.3k+

Hyundai Günorta Koreýada elektromobillere zarýad bermek üçin robotlary işe girizdi

Hyundai Motor Group Günorta Koreýada elektromobil zarýady üçin awtomatik robotlar bilen programmany işe girizdi. Olar zarýad kabelini awtomobile özbaşdak birikdirmek üçin emeli aňy we 3D kamerany ulanýar. Zarýad portunyň ýerini kesgitlemekde ýalňyşlyk 10 mm-den hem azdyr...

20.09.2024 11:28
13k+

Awgust aýynda dünýäniň awtomobil pudagynda öňdebaryjylar belli boldy

2024-nji ýylyň awgust aýynda global awtomobil bazary 3,5% pese gaçyşy görkezdi, ýeňil we ýeňil täjirçilik ulaglarynyň satuwy 6,89 mln birlik boldy. “GlobalData” konsalting kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, iň...

12.04.2024 12:08
13k+

Günorta Koreýada Samsung awtoulaglarynyň ady Renault diýip üýtgedildi

Öň Günorta Koreýada Samsung markaly satylan awtoulaglaryň ady Renault diýip üýtgedildi. IXBT.com-yň habar bermegine görä, bu Samsung bilen Renault-yň awtoulag pudagyndaky 20 ýyllyk hyzmatdaşlygynyň tamamlanandygyny...

07.01.2024 17:23
5.4k+

Tesla Günorta Koreýada satylan ähli elektrik ulaglaryny yzyna çagyrar

Amerikanyň Tesla kompaniýasynyň önümleriniň resmi taýdan hödürlenýän dürli ýurtlarynda kadalaşdyryjy edaralar, adybir elektrik ulaglarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kompaniýa programma üpjünçiligini...