Bakuwda batutda we akrobatik ýodada bökmek boýunça 35-nji dünýä çempionaty geçiriler

  • 16.10.2021 18:39
  • 3.9k+

Azerbaýjanyň gimnastika federasiýasy nobatdaky uly göwrümli halkara ýaryşyny geçirmäge taýýarlanýar. Bu barada Federasiýanyň saýtyna salgylanyp, Trend habar berdi.

Azerbaýjanda ilkinji gezek batutda we akrobatik ýodada bökmek boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Batutda we akrobatik ýodada bökmek boýunça 35-nji dünýä çempionaty 18 – 21-nji noýabrda Bakuwda geçer.

Ýatlap geçsek, öň bu gimnastika dissiplinasy boýunça ýurtda Ýewropa çempionatlary we köp sanly dünýä kuboklary geçirildi, ýöne Bakuwdaky Milli gimnastika arenasynda ilkinji gezek şeýle uly göwrümli ýaryşa batutda we akrobatik ýodada bökmek boýunça dünýä ýyldyzlary ýygnanyşar.  

Deslapky hasaba alyş sanawyna görä, ýaryşlara dünýäniň 33 ýurdundan 300-e golaý gimnastikaçy gatnaşar.

Dört gün dowam etjek çempionatda türgenler batutda indiwidual we sinhronlaýyn böküş programmasynda, şeýle-de akrobatik ýodada we ikileýin mini-batutda çykyş ederler. Şeýle-de, topar hasabynda ýeňijiler kesgitlener.

Çempionatyň deslapky tertibine görä, ilkinji iki gün klassifikasiýa ýaryşlary geçiriler, soňky iki gün final çykyşlary bolar. Düzgüne laýyklykda, bir gatnaşyjy birnäçe programmada çykyş edip biler.


22.09.2025 12:40
2.8k+

Werstappen Azerbaýjanyň Gran-prisini utup, “Uly tuwulga” boýunça Hemilton bilen deňleşdi

21-nji sentýabrda Bakuwda Formula-1 çempionatynyň 17-nji tapgyry bolan Azerbaýjanyň Gran-prisi geçirildi. Ýeňiji dört gezek dünýä çempiony, niderlandly Maks Werstappen (“Red Bull”) boldy. Ikinji orny Jorj Rassell (“Mersedes”), üçünji orny Karlos Saýns (“Uilýams”) eýeledi...

01.09.2025 14:09
7.3k+

“Barselonanyň” akademiýasyna ilkinji gezek azerbaýjanly futbolçy goşuldy

“Barselonanyň” akademiýasy 17 ýaşly azerbaýjanly ýarymgoragçy Ibragim Babaýew bilen şertnama baglaşdy. Ol La Masiýada Azerbaýjanyň ilkinji wekili boldy. Katalon klubuna geçmezden ozal Babaýew Şweýsariýanyň “Serwett” klubunyň ýaşlar toparynda çykyş etdi...

24.04.2025 23:24
3.1k+

Azerbaýjanda geljekki GDA ýurtlarynyň III oýunlarynyň tumarlary saýlandy

Azerbaýjanda geçiriljek GDA ýurtlarynyň III oýunlarynyň guramaçylyk komiteti geljekki ýaryşyň tumarlaryny saýlady. Olar alajaplaňlar (leopard) Babir we Leýla boldy diýip, guramaçylyk komitetine salgylanyp, BELTA habar berýär...

07.12.2024 08:44
9.9k+

Messi, Suares, Buskets we Alba Bakuwa baryp görer

Futbol taryhynda iň köp titula eýe bolan futbolçylaryň biri Lionel Messi Azerbaýjanyň paýtagtyna baryp görer. Argentinaly futbolçy bilen birlikde Bakuwa onuň topardaşlary Luis Suares, Serhio Buskets we Žordi Alba...