Türkmen Lideri Köpetdagyň etegindäki täze athananyň guruljak ýeri bilen tanyşdy

  • 04.10.2021 12:44
  • 11k+

2-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze athananyň bina ediljek ýerini kesgitlemek maksady bilen, Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň birinde boldy.

Türkmen Lideri säher bilen Köpetdagyň ajaýyp künjegine geldi. Bu ýerde “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň başlygy A.Berdiýew 600 baş bedewi saklamaga niýetlenen athananyň taslamalaryny we onuň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Umumy meýdany 15,4 gektara barabar bolan täze toplumyň çäginde dolandyryş binasy, weterinar desgasy, iki sany awtoduralga, höwür atlary üçin niýetlenen 60 atlyk athanalaryň ikisi, şeýle hem 80 baş ene mallara niýetlenen athanalaryň 6-sy, 8 sany bassyrma, iým üçin niýetlenen ýapyk ammar we iki sany açyk ammar, şeýle hem tehniki desgalar göz öňünde tutuldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Döwlet Baştutany ýurdumyzda ozal gurlan we bu gün netijeli iş alyp barýan toplumlar ýaly täze athananyň hem häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi. Onda bedewleri ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, olary çapyşyklara taýýarlamak hem-de seýisleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilmelidir.

Soňra wise-premýer Ç.Purçekow täze athananyň daşky inženerçilik ulgamlary, eltiji ýollar, bu ýerde oturdylmagy meýilleşdirilýän yşyklandyryjylaryň görnüşleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, elektrik geçirijileriň, lagym we suw ulgamlarynyň, eltiji ýollaryň gurluşygynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde, ulanyljak gurluşyk serişdeleriniň hiline we olaryň görnüşlerine möhüm ähmiýet berilýär. Mundan başga-da, türkmen Lideri täze athanada işlejek atşynaslar, hünärmenler üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy täze athanany gurmak boýunça degişli bäsleşigiň yglan edilendigi, onuň jemleri boýunça birleşigiň agzasy we atçylyk toplumlaryna degişli binalary gurmakda oňyn tejribe toplan «Nur Bina» gurluşyk kärhanasynyň ýeňiji bolandygy barada hasabat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, täze athananyň binalar toplumyny gurmak barada degişli Kararyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Täze athananyň gurluşygynda atçylyk pudagyny ösdürmek, bedewleri seýislemek, höwür atlar, taýlar üçin zerur şertleri döretmek bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir.

Döwlet Baştutany ýolugra ady rowaýata öwrülen, şöhratly Polatly atly bedewiň heýkeliniň ýanynda saklandy. Polatlynyň heýkeliniň ýanyndan Köpetdagyň eteginiň ajaýyp ýaýlalary, şeýle hem Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşyklary görünýär. Türkmen Lideri welaýatyň täze edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň gurluşygyny 2022-nji ýylyň Bitaraplyk baýramyna çenli tamamlamagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.


düýn 22:59
303

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.3k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.5k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
12k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......