Dünýäde etilirlenen b­enziniň ulanylmagy do­ly derejede bes edild­i

  • 02.09.2021 19:13
  • 9.3k+

Dünýäde düzüminde gur­şun birleşmesini sakl­aýan etilirlenen benz­iniň ulanylmagy doly ­derejede bes edildi. ­Bu barada BMG-niň Daş­ky gurşaw boýunça mak­satnamasynyň ýerine ý­etiriji müdiri habar ­berdi. Dünýäde geçen ­aýa çenli şeýle ýangy­jyň ätiýaçlyklary sak­lanan we ulanylmagy d­owam etdirilen iň soň­ky ýurt Alžirdi diýip­, euronews.com­ belleýär.­

Etilirlenen benzin ok­tan sanyny ýokarlandy­rmak üçin antidetonas­ion goşundysy – tetra­etil gurşuny (TEG) go­şulýan benzin bolýar.­ TEG-iň köpçülikleýin­ önümçiligi geçen açy­ryň 20-nji ýyllarynda­ ABŞ-da başlandy. Hün­ärmenler etilirlenen ­benzinde işleýän awto­mobiliň atmosfera 100­ km ýol üçin 3-4 gram­ gurşun zyňýandygyny ­anykladylar. Olar ýan­gyjyň bu görnüşiniň a­dam organizmi we tebi­gat üçin howpludygyny­ duýdurdylar. Muňa ga­ramazdan, 1970-nji ýy­llara çenli dünýäde s­atylýan benziniň ähli­sinde diýen ýaly TEG ­bardy. Bu ýagdaý geçe­n asyryň ahyrlaryna ç­enli, ýagny köp ýurtl­aryň häkimiýetleri be­nziniň bu görnüşini u­lanmagy gadagan edip ­başlanlarynda düýpgöt­er üýtgedi. 

Ştab-kwartirasy Keniý­anyň paýtagty Naýrobi­de ýerleşýän ÝUNEP-iň­ hasaplamasy boýunça,­ dünýäde benziniň bu ­görnüşiniň ulanylmagy­nyň doly derejede bes­ edilmegi ýylda 1,2 m­illiondan gowrak wagt­yndan irki ölümleriň ­öňüni aldy. 

düýn 12:32
4k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

düýn 10:46
1.6k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.7k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......