Gaitidäki ýertitremede aradan çykanlaryň sany 304-e ýetdi

  • 15.08.2021 16:40
  • 20k+

Düýn, 14-nji awgustda Gaitide güýçli ýertitreme boldy. Onuň netijesinde, azyndan, 304 adam aradan çykdy, 1,8 müň adam ejir çekdi. Bu barada TASS ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.

«Häzirki wagta çenli 304 adamyň aradan çykandygy bellige alyndy, şolardan 160-sy Günorta departamentde ýaşaýardy. Şeýle hem bar bolan maglumatlara görä, häzirki wagta çenli 1,8 müň adam şikes aldy» - diýlip, Respuplikanyň raýat goranyşy müdirliginiň wekili aýtdy.

Şikes alanlaryň bir bölegi hassahana ýerleşdirildi.
Şenbe güni irden Gaitide 7,2 magnitudaly ýertitreme bolup geçdi. Ýertitremäniň merkezi ilaty 125 müň töweregi adam bolan Le-Ke kommunasyndan 40 km-likde ýerleşýärdi. Onuň ojagy 10 km çuňlukda ýerleşdi.

Ýerasty yrgyldylardan, esasan, Günorta, Grand-Ans we Nipp departamentleri ejir çekdi — bu ýerlerde lukmançylyk we dini edaralaryň ýumrulmagy bellige alyndy. Hökümet ýurduň çäginde bir aýlyk adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizdi.


17.08.2021 12:23
12k+

BMG Gaitidäki ýertitremede zyýan çekenler üçin 8 mln dollar bölüp berer

Birleşen Milletler Guramasy Gaitide bolan ýertitremäniň netijesinde zyýan çekenlere kömek hökmünde azyndan 8 mln dollar iberer diýip, Baş sekretaryň ynsanperwer meseleler boýunça orunbasary Martin Griffits habar...

27.06.2026 20:17
6.6k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.7k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....