Hytaý şahsy gorag serişdeleriniň eksportuny dört esse ýokarlandyrdy

  • 08.08.2021 02:17
  • 6.4k+

Hytaý 2020-nji ýylda 88,1 mlrd dollarlyk şahsy gorag serişdelerini eksport etdi, bu 2019-njy ýyldaky pandemiýadan öňkä (22,9 mlrd dollar) garanda dört esse köpdür. Degişli maglumatlar Peterson dünýä ykdysadyýeti institutynyň iýul aýyndaky hasabatynda getirilýär diýip, TASS habar berýär.

Institutyň hünärmenleri örtükleriň we respiratorlaryň, ýörite egin-eşikleriň, lukmançylyk ellikleriniň, äýnekleriň, gorag ekranlarynyň we aýakgap örtükleriniň eksport möçberini hasapladylar. 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 2020-nji ýylda Hytaýyň bu predmetleriň ÝB-niň ýurtlaryna (alty esse, 23,4 mlrd dollara çenli) we ABŞ-a (tas 3,5 esse, 24,6 mlrd dollara çenli) eksportunyň möçberi birnäçe esse ýokarlandy. 

Lukmançylyk örtükleriniň (5,4 mlrd dollardan 53,8 mlrd dollara çenli), ýörite egin-eşikleriň (0,9 mlrd dollardan 10,8 mlrd dollara çenli) eksport möçberi baha aňlatmasynda tas 10 esse ýokarlandy, beýleki önümleriň ösüşi beýle ýokary bolmady. Pandemiýanyň ýaýramagy bilen bir örtügiň we ýörite egin-eşik toplumynyň bahasy hem birnäçe esse ýokarlandy. Bir örtügiň bahasy 2019-njy ýylyň dekabr aýyndaky we 2020-nji ýylyň aprel aýyndaky bahalar deňeşdirilende, 8,2 esse, ýörite egin-eşikleriň bahasy 6,3 esse ýokarlandy.

Ykdysatçylar 2020-nji ýylyň ilkinji üç aýynda ýurduň içindäki hyrydarlygyň artmagy sebäpli, Hytaýyň şahsy gorag serişdelerini eksport etmeginiň möçberi 2019-njy ýylyň degişli döwrüne garanda pes bolandygyny belleýärler. 2020-nji ýylyň mart aýynyň başynda hytaý hökümetine bu önümleriň önümçiliginde ösüş gazanmak başartdy. Ýörite egin-eşikleriň önümçilik mukdary 20 müňden 500 müňe çenli, N95 örtükleriniň önümçiligi 8 esse (200 müňden 1,6 mln çenli), adaty örtükleriň önümçilik mukdary 100 milliona ýetdi diýlip, HHR-iň häkimiýetiniň beýannamasynda aýdylýar.


18.04.2026 00:06
13k+

«Galkynyş» känini özleşdirmegiň täze tapgyry müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer

«Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyry ýurduň önümçilik infrastrukturasyny we eksport mümkinçiliklerini düýpli giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň......

17.04.2026 23:49
9.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Din Sýuesýan «Galkynyş» känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berdi

17-nji aprelde Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işlere badalga bermek dabarasy boldy. Çärä Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy......

17.04.2026 16:26
6.5k+

«Türkmengaz» döwlet konserni we CNPC täze gaz desgalarynyň gurluşygy barada ylalaşyga gol çekdi

16-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada TDH habar berýär....

17.04.2026 16:15
3.9k+

Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisiniň netijeleri boýunça ylalaşyklar toplumyna gol çekildi

Aşgabatda geçirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň netijeleri boýunça taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen resminamalar toplumyna......