Amerikaly söweşiji Jonson Moskwadaky söweşde Fýodor Ýemelýanenkonyň garşydaşy bolar

  • 07.08.2021 12:17
  • 34k+

Garyşyk stiliň (MMA) amerikaly söweşijisi Timoti Jonson 23-nji oktýabrda Moskwada geçiriljek Bellator turnirindäki söweşde russiýaly Fýodor Ýemelýanenkonyň garşydaşy bolar. Bu barada TASS amerikan guramasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

“Timoti Jonson Moskwadaky turnirde Fýodor Ýemelýanenkonyň garşydaşy bolar. Bu turniriň esasy söweşi bolar” – diýip, agentligiň söhbetdeşi belleýär.

Jonson 36 ýaşynda, ol Bellator-da russiýaly Witaliý Minakowdan we Walentin Moldawskiden ýeňildi. Soňky dört söweşde amerikaly söweşijiniň üç ýeňşi bar. Onuň hasabynda jemi 15 ýeňiş bilen ýedi ýeňliş bar.

44 ýaşly Ýemelýanenkonyň hasabynda bolsa 39 ýeňiş we alty ýeňliş bar. Ýene bir söweş geçirilmedik diýlip ykrar edildi.


düýn 17:46
11k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

01.06.2026 10:58
6.8k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

17.04.2026 09:31
24k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

13.03.2026 12:13
9.3k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...