Aşa gyzgynda gündelik berjaý edilmeli hökmany kadalar haýsylar?

  • 21.07.2021 20:02
  • 11k+

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Şonuň üçin hem TmCars.info Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň jöwzaly tomusda hökmany berjaý etmegi maslahat berýän kadalaryny dykgatyňyza ýetirýär:

  • Şu günler howanyň aşa gyzýandygyny nazara alyp, zerurlyk bolmasa, daşaryk çykmaly däl.
  • Daşary çykylan ýagdaýynda, hökman Günden goranmak üçin kelläňize ýeňiljek başgap geýiň, ýaglyk daňynyň ýa-da saýawan göteriň!
  • Ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.
  • Günden goraýjy äýnekleri dakynmak peýdaly.
  • Günüň dowamynda 2,5-3 litre golaý suw içmeli.
  • Gazlandyrylan içgilerden, agyr, ýagly naharlary iýmekden ýüz öwrüň!
  • Şu günler gartaşan adamlar we 2 ýaşa çenli çagalar bilen daşary çykylanda has-da seresap bolmaly.
  • Yssy howada gyzyp gelip sowuk suwa düşmekden, sowadyjynyň öňünde durmakdan, buz ýaly sowuk içgileri içmekden saklanyň!
düýn 18:39
2.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....