UEFA Ýewro-2020-niň iň gowy futbolçylarynyň sanawyny hödürledi

  • 08.07.2021 12:34
  • 12k+

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalary Birleşiginiň (UEFA) metbugat gullugy Ýewro-2020 çempionatynyň iň gowy futbolçylarynyň sanawyny hödürledi. Day.Az-yň habar bermegine görä, sanaw düzülende meýdançadaky dürli hereketler üçin ballary hasaplamagyň çylşyrymly algoritmi ulanyldy. 

Birinji orunda portugaliýaly Kriştianu Ronaldu ýerleşdi, onuň yzyndan çeh Patrik Şik we daniýaly Ýoakim Mehle gelýär. Olar, degişlilikde, ikinji we üçünji orunlary eýeleýärler. Onlugy şweýsariýaly oýunçy Jerdan Şakiri jemleýär. 
UEFA-nyň statistikasy boýunça, Ýewro-2020-niň iň gowy oýunçylarynyň onlugy şeýle görnüşde:

  1. Kriştianu Ronaldu (Portugaliýa)
  2. Patrik Şik (Çehiýa)
  3. Ýoakim Mehle (Daniýa)
  4. Marko Werratti (Italiýa)
  5. Andreý Ýarmolenko (Ukraina)
  6. Robin Gozens (Germaniýa)
  7. Stiwen Suber (Şweýsariýa)
  8. Nikolaý Matwiýenko (Ukraina)
  9. Rahim Sterling (Angliýa)
  10. Jerdan Şakiri (Şweýsariýa).

şu gün 14:35
1.2k+

DÇ-2026-nyň huşuňy göçüren güni: Braziliýadan 96-njy minutda kambek, Germaniýa bilen Niderlandlara bolsa «Hoş!» diýýäris...

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň nobatdaky duşuşyklary janköýerlere duýgy joşgunlaryny iň esasy hem, soňky sekuntlara çenli dowam eden dramalary we ýewropa ägirtleriniň ýeňlişi bilen......

şu gün 08:32
2.2k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

düýn 16:30
8.5k+

Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer

Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny......

düýn 13:18
5.3k+

DÇ-2026: Kanada soňky minutlarda gol geçirip, 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyň 1-nji oýny geçirildi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda geçirilen oýunda Kanadanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8......