Italiýa Türkmenistanyň hususy pudagyna maliýe serişdelerini goýar

  • 08.07.2021 10:10
  • 2.9k+

Sanly ulgam arkaly italýan kompaniýalary üçin «Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly ýurt boýunça tanyşdyryş maslahaty geçirilip, onuň dowamynda italýan wekiliýetine Italiýa Respublikasynyň daşary işler boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Manlio Di Stefano ýolbaşçylyk etdi. Bu barada tdh.gov.tm habar berdi.

Bu çäre iki ýurduň döwlet we hususy pudagynyň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze gurallarynyň gözlenilmegi, şol sanda ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin özboluşly meýdança öwrüldi. Çykyşlaryň barşynda Türkmenistanyň we Italiýanyň arasynda bilelikde durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depgini bellenildi. Taraplar «SACE» döwlet eksport-karz agentligi tarapyndan Türkmenistanda işewürlik pudagynyň maliýeleşdirilmegi üçin teklip edilip bilinjek maliýe, ykdysady we tehniki gurallar barada hem jikme-jik pikir alyşdylar.
Duşuşyga türkmen tarapyndan Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Italýan tarapyndan Italiýanyň söwda agentliginiň baş direktory, Italýan senagatynyň ählumumy konfederasiýasynyň halkara işleri boýunça wise-prezidenti we Italiýanyň «SACE» döwlet eksport-karz agentliginiň prezidenti gatnaşdylar. Şeýle-de duşuşyk Italiýanyň 120-ä golaý iri kompaniýalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarydyr wekillerini bir ýere jemledi.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......