Gresiýada Mondrian bilen Pikassonyň 2012-nji ýylda ogurlanan kartinalary tapyldy

  • 01.07.2021 20:13
  • 12k+

Gresiýanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri Pablo Pikassonyň we Pit Mondrianyň 2012-nji ýylda Gresiýanyň iň uly muzeýinden – Afina kartina galereýasyndan ogurlanan suratlaryny tapdylar. Bu barada “Proto tema” grek gazeti habar berdi diýip, Trend belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, gürrüň meşhur ispan suratkeşi Pablo Pikassonyň “Aýalyň kellesi” kartinasy we Wasiliý Kandinskiý hem-de Kazimir Malewiç bilen bir wagtda abstrakt şekillendirişiň düýbüni tutan niderlandiýaly suratkeş Piter Kornelis (Pit) Mondrianyň “Ýel degirmeni” suraty barada gidýär. Suratlar Gresiýanyň uly bolmadyk Kerateý şäherinde ýerasty gizlin ýerde tapyldy.
Gazetiň ýazmagyna görä, polisiýa işgärlerine suratlaryň ogurlanmagyna gatnaşmakda aýyplanýan adamy hem tutmak başartdy. Ol 49 ýaşly grek bolup çykdy. Onuň suratlary gara bazarda satmak maksady bilen daşary ýurda çykarmagy meýilleşdirendigi çak edilýär. Şeýle-de bolsa, onuň bu synanyşygy şowsuz tamamlandy.

20.06.2026 14:57
7.2k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....