Antarktikada öňi alynmaly esasy 5 ýagdaý

  • 24.06.2021 17:13
  • 17k+

Antropogen täsir esasynda klimatyň üýtgemegi Antarktikada öňüni alyp bolmajak ýagdaýlary döredýär. Munuň özi eýýäm onuň toprak ulgamyna täsirini ýetirýär we tutuş adamzat hem-de biodürlülik üçin howp salýar. Wudro Wilson adyndaky Ylmy merkeziň ýanyndaky Polýar institutynyň we Pew Charitable Trusts haýyr-sahawat gaznasynyň wirtual bilermenler iş topary şeýle netijä geldiler. Dürli ylmy ugurlardan Antarktika boýunça alym-hünärmenleriň ylmy garaýyşlary hi-tech.mail.ru saýtynda köpçülige ýetirildi.

Alymlar topary öz netijelerini şu ýylyň 14-24-nji iýunynda Fransiýada geçirilýän Antarktika boýunça ylalaşygyň tarapdarlarynyň her ýylky maslahat beriş ýygnagyna bagyşlanyp çap edilen «Klimatyň üýtgemegi we Günorta okeanyň durnuklylygy ýa-da Polýar mümkinçilikleri» atly hasabatda tanyşdyrdylar.
Alymlaryň sözlerine görä, Antarktika tutuş dünýä ýüzüniň klimat ulgamyny kadalaşdyrmakda esasy orun eýeleýär. Eger-de Pariž ylalaşygynyň maksatlaýyn görkezijileri ýokarlandyrylsa, Antarktidanyň eremegi sebäpli, deňizleriň suwunyň derejesi has çalt köpeler. Şonda 2060-njy ýyla çenli dünýäde özgeriş pursady bolup geçer — 3º C maýlama bolar we diňe Antarktikanyň buzlarynyň eremegi sebäpli, adamzadyň hiç bir tagallalary 2100-nji ýyla çenli deňiz suwunyň derejesiniň 17-den 21 santimetr ýokarlanmagynyň öňüni alyp bilmez.
Günorta okeanda öňüni alyp bolmajak esasy 5 proses — olar ählumumy derejede adamzada uly howp salýar:

  1. Okeanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy. Antarktikanyň töwereklerindäki ýyly suwlar buzluklary yza çekilmäge mejbur edip, şelf buzlarynyň eremegine getirýär.
  2. Buz örtüginiň zaýalanmagy. Deňiz buzlarynyň meýdanynyň, möwsümleýinliginiň we galyňlygynyň üýtgemegi jandarlar üçin möhüm iýmit çäkleriniň ýok bolmagyna getirip, biodürlülige howp salýar.
  3. Okeanyň himiki düzüminiň üýtgemegi. Haçan-da okean atmosfera howasyndan kömürturşy gazynyň ýokarlandyrylan möçberini özüne siňdirse, onuň turşulygy ýokarlanýar. Munuň özi tutuş ekoulgam üçin güýçli täsirini ýetirip, iýmit zynjyrynyň bozulmagyna getirer hem-de jandarlaryň senagat görnüşlerine uly täsir eder.
  4. Sebitiň uglerody siňdiriş mümkinçiliginiň üýtgemegi. Howanyň maýlamagy Günorta okeanda uglerod bilen atmosfera howasynyň alyşmagyny, ösümlikdir haýwanlaryň köpelmegini, şeýle-de suwuň üstki we çuňlukdaky gatlaklarynda bioulgamyň netijeliligini peseldýär.
  5. Ekoulgamyň we görnüşleriň ösüşindäki özgerişler.  Howanyň üýtgemegi biodürlüligiň ýok bolmagyna, biologik hadysalaryň üýtgemegine, görnüşleriň geografik paýlanyşynda özgerişlere we iýmit zynjyrynyň ösüşinde ilki sebitleýin, soňra bolsa umumydünýä derejede täsirini ýetirýär.

Alymlar Antarktikada klimatyň üýtgemegi bilen bagly has ýiti täsirleriň öňüni almak üçin ähli ýurtlarda ykdysadyýetiň hemme pudaklarynda howa goýberilýän bug gazlarynyň möçberiniň görnetin azaldylmalydygyny aýdýarlar.

düýn 20:17
4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......