Botswanada agramy 1098,30 karatlyk almaz tapyldy

  • 21.06.2021 19:32
  • 10k+

Botswananyň paýtagtynda «Debswana» almaz kompaniýasy ýurduň Prezidenti Mokgwitsi Masisä we Ministrler Kabinetiniň agzalaryna agramy 1098,30 karata deň bolan almazy görkezdi. Bu barada Sinhua agentligine salgylanyp, azertag.az habar berýär.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, ýurduň günortasynda 1-nji iýunda tapylan almaz bu kompaniýanyň taryhynda iň uly we gymmat bahaly daşdyr. «Debswana» Botswananyň Hökümeti hem-de «De Beers» atly dünýäniň iri almaz kompaniýasy bilen bilelikde döredilen kärhanadyr. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda almazlar ilkinji gezek 1967-nji ýylda ýüze çykaryldy. 
Täze tapylan almaz dünýäniň iň uly gymmat bahaly daşlarynyň ilkinji bäşligine girer diýip çaklanylýar we ol bu ýurduň halkyna uly umyt berýär.
Ýurduň Baştutany almazy tapan iki işgäre öwgüli sözleri aýdyp, ondan geljek girdejiniň ýurduň ösüşi üçin zerurlyklary kanagatlandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

düýn 14:57
4.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.1k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....