Belarusda 3 ýaşly suratkeşiň sergisi açyldy

  • 16.06.2021 18:19
  • 10k+

«Dürli ýurtlar onuň döredijiligi bilen tanyş, onuň çeken suratlary bolsa sungatyň gadyryny bilýän saýlama adamlary hem haýrana goýýar. Bu ýerde gürrüň belarusly suratkeş gyzjagaz Anabel Bondarowiç barada barýar. Ol bary-ýogy 3 ýaşynda, ýöne eýýäm ilkinji sergisi açyldy» diýip, «МИР 24-iň» habarçysy Olga Baranowa gürrüň berýär.  

Anabel surat çekende, onuň ejesi reňkleri saklamaga kömekleşýär. Ol bolsa jaýlaşykly oturýar-da, öz hyýaly dünýäsine siňýär: dürli hili reňkleri garyşdyryp, aýalary bilen kakyşdyryp goýberýär-de, öz ýanyndan nämedir bir zatlar diýişdirýär.

«Reňkler onuň üçin möhüm. Ol islendik zady reňkler bilen göz öňüne getirýär. Gülgüne we sary reňkler bolsa onuň iň halaýanlary» diýip, suratkeşiň ejesi aýdýar.

Üç ýaşlyja suratkeş öz suratlaryny barmaklary we akril bilen döredýär. Diwan, egin-eşikler, adamyň ýüzi bolsa onuň üçin kendir matasy. Onuň maşgalasy döredijilik adamlary: ejesi — dizaýner-arhitektor, kakasy bolsa bilimi boýunça muzeý işgäri. Anabel ylham çeşmesini kitaplardan alýar. Multfilmlere asla seretmeýär. Onuň öz kitaphanasy bar. Ördejik, Winni-Puh we kosmos hakyndaky hekaýalary ol has gowy görýär.
Döredijilik bilen meşgullanyp başlanyna bir ýyl wagt geçende, onda tutuş sergilik eserler toplandy. Minskiniň Sungat köşgünde Anabel ýaly ýaşajyk suratkeşler entek bolmandy. Golaýda onuň döredijiligini ene-atasy hünärmentçileriň halkara saýtynda görkezdi. Indi üç ýaşly belarus suratkeşiniň suratlary bütin dünýä syýahat edýär.
Anabel Bondarowiçiň sergisi haýyr-sahawat görnüşinde. Toplanan pullaryň deň ýarysy çagalara kömek üçin berilýär.

şu gün 08:03
395

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

düýn 20:06
2.1k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

düýn 17:05
6k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

düýn 11:02
8.4k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....