Ferrari moda egin-eşikleri liniýasyny işe girizdi we restoran açdy

  • 15.06.2021 22:11
  • 10k+

Italiýanyň ýaryş we sport awtomobillerini öndüriji kompaniýasy Ferrari erkek, zenan we çaga egin-eşikleri liniýasyny işe girizdi we restoran açdy diýip, REN-TW salgylanyp, Day.Az habar berýär.

Egin-eşik liniýasynyň döredijilik müdiri öň Armani moda öýi bilen işleşen Rokko Iannone boldy. Lýuks egin-eşikleriniň birinji hatarynyň tanyşdyrylyşy Italiýanyň Maranello şäherinde, kompaniýanyň zawodynda bolidleriň arasynda geçirildi. Maranellodaky zawodyň garşysynda Ferrari restorany hem açyldy.

“Biziň täze taslamalarymyz – moda önümçiligi we Maranelloda Cavallino (“Atjagaz”) restorany – Italiýanyň güýçlüdigini we geljege optimizm bilen seredýändigini görkezmäge gönükdirilendir” – diýip, Ferrari-niň prezidenti Jon Elkann belledi.

Ýygyndyda esasy reňkler Ferrari üçin adaty bolan gyzyl we sary reňkler boldy. Tikin fakturasy üçin dizaýnlaryň köpüsi 1947-nji ýylda Enso Ferrari tarapyndan esaslandyrylan kompaniýanyň arhiwinden alyndy. Egin-eşikleri taýýarlamakda dizaýnerler adaty italýan önümçiligine we ýokary hilli tikinçilik sungatyna aýratyn ähmiýet berdiler.
Ferrari-niň lýuks egin-eşikleri onlaýn, şeýle-de Maranellodaky, Rimdäki, Milandaky, Los-Anjelesdäki we Maýamidäki dükanlarda satylar. 2022-nji ýylda Hytaýda hem dükan açmak meýilleşdirilýär.
Ferrari restoranynyň ruhlandyryjysy ýerli KHBS tarapyndan “önümleriň reňkini, gurluşyny we geometriýasyny inçelik bilen duýýan suratkeş” diýlip atlandyrylýan şef-aşpez Massimo Bottura boldy.

 


şu gün 00:06
554

Hermès Parižde erkeklere niýetlenen 2027-nji ýylyň ýaz-tomus toplumyny görkezdi

Hermès Parižde 2027-nji ýylyň ýaz-tomus möwsümi üçin erkeklere niýetlenen toplumyny görkezdi. Bu toplum Weronik Nişanýanyň kompaniýadan gidenden soňky ilkinji we brendiň döredijilik ýolbaşçysyz topary......

26.06.2026 23:49
2.5k+

Louis Vuitton we Pinarello bilelikde welosiped nusgasyny döretdiler

Louis Vuitton kompaniýasy konseptual welosiped döretdi. Ol Parižde geçirilýän Moda hepdeliginiň çäginde Louis Vuitton-yň erkekler üçin 2027-nji ýyl ýaz-tomus toplumynyň görkezilişinde tanyşdyryldy....

11.06.2026 13:03
7.6k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......