Ýewro-2020: çehiýaly Patrik Şik ÝEWRO-nyň taryhynda iň uzakdan gol saldy

  • 15.06.2021 16:43
  • 12k+

Duşenbe güni Ýewro-2020-niň çäginde D we E toparlaryň üç duşuşygy geçirildi.
Ýewro-2020-niň toparlaýyn tapgyrynda ilkinji oýnunda Şotlandiýanyň milli ýygyndysy Çehiýadan 0:2 hasabynda utuldy. Çehiýanyň milli ýygyndysyndan “Baýeriň” hüjümçisi Patrik Şik dubl etdi. Hüjümçi garşydaşyň derwezebany Dewid Marşalyň jerime meýdançasyndan daşyna çykanlygyndan peýdalanyp, ikinji goluny 45.44 metr aralykdan tora girizdi. Bu gol Ýewropa çempionatynyň taryhynda iň uzakdaky goldur.
Bu ýeňiş Çehiýany «D» toparçada öňe saýlady. Çehler Horwatiýany 1:0 hasap bilen ýeňen Angliýadan gol tapawudy boýunça öňde barýar.
Indiki tapgyrda Glazgoda çehler horwatlar bilen, Londonda şotlandlar iňlisler bilen duşuşar. Iki oýun hem 18-nji iýunda geçiriler.
«E» toparçada açylyş oýunda Slowakiýa Polşany ýeňip, üç utuk toplady (2:1).
Bu topardaky başga bir jübüt — Ispaniýanyň we Şwesiýanyň milli ýygyndy toparlary deňme-deň oýnady (0:0). «Opta Jose-nyň» Twitterde belläp geçişi ýaly, bu duşuşykda Ispaniýa topa 85,1% wagt eýelik edip, 1980-nji ýylda statistiki görkezijiler ýazylyp başlanyndan bäri Ýewropa çempionatynyň taryhynda rekord görkezijidir.
Ikinji tapgyrda 18-nji iýunda Sankt-Peterburgda Slowakiýa Şwesiýa, ertesi gün Sewilýada Ispaniýa Polşa bilen duşuşar.


şu gün 07:30
1.5k+

«PSŽ» we «Aston Willa» 12-nji awgustda UEFA-nyň Superkubogy ugrunda bäsleşer

Çempionlar ligasynyň ýeňijisi «Pari Sen-Žermeniň» we Ýewropa ligasynyň çempiony «Aston Willanyň» arasyndaky UEFA-nyň Superkubogy — 2026 ugrundaky duşuşyk 12-nji awgustda geçiriler. Oýun Awstriýanyň Zalsburg......

düýn 03:30
8.3k+

«PSŽ» bassyr ikinji ýyl Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary yzygiderli ikinji möwsüm UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Ol ýaryşyň finalynda Angliýanyň «Arsenal» klubuny utdy. Aýgytlaýjy duşuşyk Budapeşt şäheriniň «Puşkaş......

30.05.2026 18:13
4.3k+

«Liwerpul» Arne Sloty wezipesinden boşatdy

«Liwerpul» toparynyň baş tälimçisi Arne Slot eýeleýän wezipesinden gitdi. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär....

30.05.2026 11:32
7k+

«Real» 7-nji iýunda klubuň prezidentini saýlar: Peresiň indi bäsdeşi bar

Madridiň «Real» futbol klubunyň prezidentiniň saýlawlary 7-nji iýunda geçiriler. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär....