Alymlar gaýtadan işlenen galyndylardan arzan gurluşyk materialyny öndürdiler

  • 06.06.2021 20:12
  • 12k+

Awstraliýaly alymlar gaýtadan işlenen aýna çüýşelerinden gurluşyk çägesine meňzeş materialyny döretmegi başardylar. Gurluşyk çägesi, esasan, tunelleriň direglerinde has giňden ulanylýar diýip, cursorinfo.co.il habar berdi.

Häzirki wagtda bu taslama boýunça işler ikinji tapgyrda alnyp barylýar. Munda esasy maksat torket betonynda (torket usulynda sepilýän beton) çägäniň ulanmagyny doly ýok etmekden ybaratdyr. Bu ýerde mesele ýaşaýan planetamyzda çägäniň mukdarynyň çäklidigi bilen bagly bolup durýar. Mundan başga-da, soňky 20 ýylda onuň bahasy birnäçe esse gymmatlady.
Owradylan aýna galyndylary alymlara gurluşyk çägesiniň ornuny tutýan, şol bir wagtyň özünde ondan has arzan düşýän material döretmäge mümkinçilik berdi. Ony öndürmek üçin suw sarp etmegiň zerurlygy-da ýok. Täze açyş diňe bir gurluşyklarda pul tygşytlamaga däl, eýsem dünýäde daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulaşdyrmaga hem kömek eder diýip, çeşme belleýär.

düýn 23:52
780

Barlag erkekleriň we aýallaryň beýnisinde gen işjeňliginiň nähili tapawutlanýandygyny görkezdi

Alymlar erkekleriň we aýallaryň beýni öýjüklerinde gen işjeňliginiň tapawutlydygyny ýüze çykardylar. Bu barlagyň netijeleri şizofreniýa we Alsgeýmer keseli ýaly, käbir keselleriň döremek howpunyň näme üçin......

düýn 15:38
1.4k+

Alymlar lazeriň kömegi bilen beýnidäki ynamy işjeňleşdirmegi öwrendiler

Kwinslend uniwersitetiniň alymlary beýnide oksitosin we wazopressin gormonlaryny lazeriň kömegi bilen nokatlaýyn dolandyrmagyň täze, öň görülmedik usulyny oýlap tapdylar....

düýn 15:22
710

Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň ilkinji uçuşynyň wagtyny mälim etdi

SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjy Ilon Mask «Starship V3» agyr raketasynyň–«Ship 39» prototipiniň ilkinji uçuşynyň 2026-njy ýylyň maý aýynyň başyna meýilleşdirilýändigini habar berdi....

düýn 12:05
3k+

Türkiýeli alymlar «akylly şpris» oýlap tapdylar

Haber7 portaly Stambuluň Ýyldyz tehniki uniwersitetiniň alymlary tarapyndan hirurgiýa operasiýalaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän «akylly şprisiň» oýlap tapylandygyny habar berdi....