Ýaponiýada Aýy öwrenmek üçin robot-transformer döredildi

  • 05.06.2021 22:36
  • 8k+

Ýapon alymlary täze döredilen ýörite enjamy - robot-transformeri Aýa ibererler. Bu barada Ýaponiýanyň Aerokosmiki barlag gullugyna (JAXA) salgylanyp, cursorinfo.co.il habar berdi.

Enjam diametri 80 mm we agramy bary-ýogy 250 gram top görnüşinde bolar. Robotyň esasy wezipesi Ýeriň emeli hemrasynyň üstüni örtýän regoliti (aý tozany) öwrenmek bolup durýar. Mundan başga-da, alnan maglumatlar ýapon inženerlerine Aýyň dartyş güýjüniň regolite täsiri hakynda has köp zat öwrenmäge mümkinçilik berer.
Agentlik robotyň suratlary we maglumatlary Aý enjamyna, onuň bolsa Ýerdäki alymlara iberjekdigini aýtdy. Roboty Aýa 2022-nji ibermek meýilleşdirilýär.
Agentlik öz beýanatynda geljekki ekipažly marsohody ýerleşdirmäge taýýarlyk görmek üçin Aýyň üstüni has giňişleýin öwrenmegiň missiýanyň esasy maksadydygyny aýtdy. JAXA ozal Aýda hemişelik ekipažyň döredilişine gatnaşmagy meýilleşdirýändigini mälim edipdi. Bu missiýanyň çäginde eýýäm ýörite Aý enjamy işlenip düzüldi. Häzir bolsa agentligiň hünärmenleri rover öndürmegiň üstünde işleýärler.
Ýeri gelende bellesek, "Ispace lunar lander" Aý stansiýasy dürli obýektler üçin uniwersal göteriji hökmünde işlenip düzüldi. Bu roverden peýdalanmak isleýän müşderileriň arasynda Kanadanyň kosmos gullugy we Mohamed bin Raşid kosmos merkezi (BAE) hem bar.

şu gün 10:37
320

NASA: Apofis asteroidi Ýer şaryna aragatnaşyk hemralaryndan hem ýakyn aralyga geler

2029-njy ýylyň 13-nji aprelinde Apofis asteroidi Ýerden 32 müň kilometr uzaklykda geçer. Bu aralyk köp sanly kosmos hemralarynyň orbitasyndan hem ýakyndyr....

düýn 12:54
2k+

Grand-Kanýonyň peýda bolmagyny gadymy kölüň daşmagy bilen baglanyşdyrdylar

Alymlar Grand-Kanýonyň emele gelmegi barada täze nazary pikiri hödürlediler: onuň takmynan 6,6 million ýyl mundan ozal gadymy kölüň daşmagy bilen emele gelen bolmagy mümkin. Bu barlagyň netijeleri Science......

düýn 12:14
6.3k+

Ýene birnäçe nesilden soň Marsda ýaşajak adamlaryň keşbi düýpli özgerer

Mars planetasynda uzak wagtlap ýaşamak ynsan anatomiýasyny düýpli üýtgeşmelere sezewar edip biler. Perm politehniki uniwersitetiniň dosenti, alym Wladislaw Nikitin hem bu hakynda özüniň ylmy çaklamalaryny öňe......

24.04.2026 15:00
4.6k+

2027-nji ýyldan ÝB-niň bazarynda batareýasy aýryp-dakylmaýan smartfonlar we planşetler gadagan ediler

2027-nji ýylyň 18-nji fewralyndan Ýewropa Bileleşiginiň bazarynda öndürijileri smartfonlary we planşetleri aýryp-dakylýan batareýalar bilen üpjün etmäge borçlandyrýan täze düzgünler güýje girer. 2023-nji ýylda......