FAO: azyk önümleriniň bahasy dünýäde rekord derejede gymmatlady

  • 05.06.2021 19:26
  • 11k+

BMG-niň habarlar saýtynda onuň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) maglumatlary getirilip, onda 2021-nji ýylyň maýynda dünýä boýunça azyk önümleriniň bahasynyň soňky 10 ýylyň dowamynda iň ýokary derejä çykandygy habar berilýär. Munuň esasy sebäbi ösümlik ýagynyň, şekeriň hem-de dänäniň dünýä bahasynyň örän çalt ýokarlanmagy bilen baglydyr. Bu görkeziji 2011-nji ýylyň sentýabryndan bäri iň ýokary derejä ýetdi.

FAO-nyň azyk önümleriniň bahasynyň indeksiniň ortaça görkezijisi şu ýylyň maýynda 4,8 göterime deň bolup, ol apreldäkiden we geçen ýylyň maý aýyndaky görkezijiden hem 39,7 göterim ýokarydyr. 
Däneli ösümlikleriň bahasynyň ýokarlanmagy mekgejöweniň bahasynyň gymmatlamagy bilen bagly: onuň ortaça bahasy geçen ýyldakydan 89,9 göterim ýokarlandy. Bugdaýyň bahasy hem apreldäkiden 6,8 göterim gymmatlady. Guramanyň bahalar indeksinde ösümlik ýagynyň bahasy 7,8 göterim ýokarlanyp, onuň sebäbi bolsa palma, soýa we raps ýaglarynyň bahasynyň has gymmatlamagydyr. 
6,8 göterim bilen şeker hem gymmatlady. Dünýädäki ony esasy eksport edijileriň biri bolan Braziliýada hasyl ýygnamak möwsüminiň öz wagtynda bolmazlygy we garaşylyşyndan az mukdarda hasyl alynmagy muňa sebäp boldy. Şekeriň Hindistandan köp mukdarda eksport edilmegi bahalaryň gymmatlamagyny az-kem peselden hem bolsa, ýaramaz täsirleriň öwezini dolup bilmedi.
FAO-nyň bahalar indeksi — has geçginli azyk harytlarynyň dünýä bahasynyň üýtgäp durmagyna geçirilýän barlaglaryň netijesi bolup, ol her aýda çap edilýär.

düýn 19:01
953

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......