Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 21.05.2021 15:29
  • 22k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşlygynyň çäklerinde bu ýerde nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen onuň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy.

Iş maslahatynyň barşynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň direktory D.Sapbaýew kärhanadaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, ähli önümçilik bellenen talaplara laýyklykda alnyp barylýar.
Kärhanada bir gije-gündizde 1800 tonna benzin öndürilýär. Ýokary hil we ekologiýa talaplaryna kybap gelýän bu önüm baglaşylan şertnamalar esasynda Owganystana hem-de Ýewropa döwletlerine iberilýär.
Mundan başga-da, bu ýerde zawodyň ikinji nobatdakysyny gurmagyň üstünde işleriň alnyp barylýandygy barada maglumatlar berildi.
Döwlet ministri—“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek hem-de onuň dünýä bazarlaryna iberilýän mukdaryny artdyrmak baradaky meseleler boýunça hasabat berdi.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýew ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ýylsaýyn ösüp, kämilleşýändigini aýtdy.
Soňra Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitiniň rektory B.Atamanow nebitgaz pudagynyň döwrebap kärhanalarynda işlemek üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ylma esaslanan toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny habar berdi.
 “Türkmengaz” döwlet konserniniň ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktory B.Pirnyýazow, öz nobatynda, Konserniň işinde döwrebap tehnologik enjamlaryň ulanylýandygyny habar berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýerine ýetirilmeli işler barada hasabat berdi.

17.01.2026 08:47
4.7k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...