Çip ýetmezçiligi 2021-nji ýylda awtomobil pudagyna $110 mlrd ýitgi getirer

  • 17.05.2021 19:41
  • 9k+

Çip ýetmezçiligi sebäpli awtomobil pudagynyň girdejisindäki ýitgi şu ýyl 110 mlrd dollar bolup biler. Şeýle çaklamany AlixPartners amerikan konsalting kompaniýasy öňe sürýär. Bu barada kommersant.ru habar berýär.

Bu çaklama öňki bilen deňeşdirilende, has ýaramazlaşdy, çünki ýylyň başynda kompaniýa çip ýetmezçiligi sebäpli ýitginiň, takmynan, 61 mlrd dollar bolmagyna garaşypdy. Ýetmezçilik sebäpli awtomobil önümçiliginiň azalmagy bilen bagly çaklamalar hem ýaramazlaşdy. Ýylyň başynda AlixPartners ýetmezçilik bolmazdan öndüriljek awtomobillerden 2,2 mln az awtomobiliň öndürilmegine garaşypdy, häzir bolsa kompaniýa 3,9 mln awtomobiliň azaljakdygyny çaklaýar.

“Çip önümçiliginde pandemiýa sebäpli ýüze çykan çökgünlik adaty ýagdaýda awtomobil pudagy üçin ýoldaky ýönekeý bökdençlik boljak wakalar bilen has hem güýçlendi. Ýagny, şeýle wakalar esasy çip zawodyndaky ýangyny (gürrüň geçen mart aýynda Ýaponiýanyň Renesas Electronics çip öndürijisiniň zawodynda bolan ýangyn barada), Tehasdaky sowuk howany we Taýwandaky gurakçylygy öz içine alýar. Häzir bu zatlaryň ählisi pudak üçin çynlakaý meselä öwrüldi” – diýip, AlixPartners kompaniýasynyň awtomobil pudagy we senagat boýunça dolandyryjy müdiri Mark Ueýkfild çaklamany teswirleýär.

Soňky aýlarda dünýädäki awtomobil öndürijileriniň köpüsi, şol sanda Volkswagen, Jaguar Land Rover, Nissan, Honda, Toyota, Fiat Chrysler, GM çip ýetmezçiligi sebäpli, önümçiligiň azaldylýandygyny ýa-da togtadylýandygyny, şeýle-de bu meseläniň girdejilerine ýaramaz täsir edýändigini habar berdiler.

şu gün 11:11
557

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

şu gün 07:27
2.4k+

BMW adaty 220 adamlyk uçary lýuks «myhmanhana» öwürdi

BMW awtomobil dizaýnynyň çäginden çykyp, indi awiasiýa pudagynda lýuks ülňülerini ornaşdyrmaga girişýär: kompaniýanyň BMW Designworks bölümi Lufthansa Technik bilen bilelikde «The BOW» konseptini – uçar......

düýn 23:24
1.8k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

düýn 23:03
1k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......