«Mançester Siti» möhletinden öň Angliýanyň çempiony boldy

  • 12.05.2021 11:41
  • 8.5k+

Angliýanyň premýer-ligasynyň 36-njy tapgyr oýnunda “Mançester Ýunaýted” “Old Trafford” stadionynda “Lester Sitini” kabul etdi. Duşuşyk myhmanlaryň 2:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.

Bu oýnuň netijesine laýyklykda, 35 oýunda 80 utuk toplan “Mançester Siti” 2020/2021 möwsüminde möhletinden öň Angliýanyň premýer-ligasynda  çempiony boldy. “Şäherlilere” iň ýakyn ýerleşýän “Mançester Ýunaýted” ýeňlenden soň, Hosep Guardiolanyň şägirtleriniň yzyndan ýetmek üçin hatda matematiki mümkinçiliklerini hem ýitirdi.
Bu ýeňiş "Mançester Siti" üçin Hosep Guardiolanyň ýolbaşçylygyndaky üçünji çempionlykdyr. «Şäherliler» 2017/2018 we 2018/2019 möwsümlerinde premýer-ligada ýeňiji boldy. Umuman alanyňda, “Mançester Siti” Angliýada ýedinji gezek çempion boldy.


düýn 22:47
1.6k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

düýn 07:18
7.6k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.1k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

10.05.2026 12:29
3.7k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......