Katarda dört ýaşly gyzjagaz iki minutda Mendeleýewiň tablisasynyň ähli elementlerini aýtdy

  • 08.05.2021 13:55
  • 21k+

Katarda ýaşaýan dört ýaşly hindi gyzjagazy Mendeleýewiň tablisasyndaky ähli himiki elementleri hemmelerden çalt aýdyp, dünýä rekordyny goýdy. Bu barada “Peninsula Katar” gazeti habar berýär. Muny mir24.tv ýetirýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, çagajyk periodik tablisanyň ähli elementlerini ýada salyp, aýtmak bilen Halkara rekordlar kitabyna (International Book of Records, Ginnesiň rekordlar Kitabynyň bir görnüşi) girdi. Rekordy täzelemek üçin gyzjagaza 2 minut 28 sekunt gerek boldy. Rekordlar kitabyny düzüjileriň bellemegine görä, bu çagalaryň arasynda iň gowy görkeziji bolup durýar.
Şeýle-de, gyzjagaz Hindistanyň ähli premýer-ministrlerini, Gün ulgamynyň planetalaryny we adam organlaryny öwrenip aýdyp berdi.
Rus alymy Dmitriý Mendeleýew (1834-1907), ilkinji nobatda, özüniň himiki elementleriň periodik ulgamy bilen bellidir: 1869-njy ýylyň 1-nji martynda ol köp ýyllyk ylmy işleriň netijesi we organiki däl himiýany öwrenmegiň özboluşly açary bolan tablisanyň ilkinji wersiýasynyň golýazmasyny çap etmäge tabşyrdy. Häzirki zaman himiki elementleriň periodik tablisasy 118 elementi öz içine alýar.

düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.5k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.5k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......