Çempionlar ligasynyň finalynda "Çelsi" we "Mançester Siti" duşuşar

  • 06.05.2021 07:56
  • 10k+

Çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Londonyň "Çelsisi" Madridiň "Realyny" ýeňdi. Duşuşyk "Çelsiniň" “Stamford Bridge” stadionynda geçirildi we 2:0 hasabynda tamamlandy.

Duşuşygyň 28-nji minudynda “Çelsiniň” hüjümçisi Timo Werner hasaby açdy. Ikinji pökgini 85-nji minutda Meýson Maunt tora girizdi.

Şeýlelikde, “Çelsi” jemi 3:1 hasabynda "Realdan" üstün çykdy (ilkinji oýunda hasap deňme-deň boldy - 1:1).

Mundan başga-da, Tomas Tuheliň topary ýaryşyň finalynda yzly-yzyna ikinji ýyl oýnar. Geçen möwsümde nemes hünärmeniniň ýolbaşçylygyndaky fransuz "PSŽ-si" Çempionlar ligasynyň finalynda "Bawariýadan" 0-1 hasabynda utulypdy.

Tuhel bu üstünlige ýeten taryhda ilkinji tälimçi boldy.

Finalda “Çelsi” bir gün öň "PSŽ-ni" 2-0 hasabynda ýeňen başga bir iňlis kluby - “Mançester Siti” bilen oýnar (iki oýnuň jemi - 4:1).

"Çelsi" taryhynda üçünji gezek, "Mançester Siti" bolsa ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy.

Çempionlar ligasynyň finaly 29-njy maýda Stambulda geçer.

düýn 18:58
4.9k+

Klimatologlar dünýä çempionatynda aşa howply yssynyň boljakdygyny duýdurýarlar

Klimatologlar 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň käbir oýunlarynyň futbolçylaryň we janköýerleriň saglygyna zeper ýetirip biljek aşa yssy şertlerde......

düýn 17:43
1.9k+

Ançelotti Braziliýanyň milli futbol ýygyndysy bilen şertnamany 2030-njy ýyla çenli uzaltdy

Italiýaly tälimçi Karlo Ançelotti Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bilen şertnamasyny 2030-njy ýyla çenli uzaltdy. Bu barada Braziliýanyň Futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär....

düýn 16:07
3.6k+

Messiniň «Inter Maýamidäki» zähmet haky $28 mln-dan geçdi: MLS-de ondan köp alýan ýok

Argentinaly hüjümçi Lionel Messi 2026-njy ýylyň möwsüminiň netijeleri boýunça MLS-iň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylarynyň sanawynda birinji orny eýeledi. Liganyň oýunçylarynyň kärdeşler arkalaşygynyň......

düýn 11:22
1.4k+

Duşenbe bassyr ikinji ýyl sambo boýunça Dünýä kubogynyň tapgyryny kabul eder

2025-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen ýaryşdan soň, sambo boýunça Dünýä kubogy ýene-de Duşenbe şäherinde bolar. Täjigistanyň paýtagty sambo boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin özüni esasy meýdançalaryň......