R.Meredow gyrgyz we özbek kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

  • 05.05.2021 15:51
  • 9k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 4-nji maýda Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri R.Kazakbaýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilow bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
A.Kamilow bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda şu ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşyklarynyň dowamynda berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine aýratyn ähmiýet berildi.
R.Kazakbaýew bilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary derejesindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetini bellediler.

şu gün 00:07
1.4k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti 2026-njy ýylyň üç aýynyň iş jemlerine seretdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda 2026-njy ýylyň ýanwar—mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlendi diýip,......

düýn 16:12
1.7k+

Bakuwda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ulag geçelgelerini ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

1-nji aprelde wise-premýer Nökerguly Atagulyýew Bakuwda Azerbaýjanyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi....

düýn 14:35
948

Türkmenistan bilen Braziliýanyň diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa we ýurduň ähli......

02.04.2026 10:36
1.6k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» parlamentara forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 30-31-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji parlamentara hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy. Bu barada Mejlisiň......