Microsoft korporasiýasy 15 ýylyň içinde ilkinji gezek standart şrifti üýtgeder

  • 05.05.2021 14:28
  • 13k+

2022-nji ýylda Microsoft korporasiýasy Microsoft Office-de ulanylýan şrifti üýtgetmekçi bolýar. Kompaniýanyň 700-den gowrak dürli şriftiniň bardygyna garamazdan, ol bäş sany täze şrift dizaýnyny sargyt etdi we ulanyjylardan 15 ýyl bäri ulanylýan adaty Calibri-niň ornuny çalşyrjak şrifti saýlamakda kömek bermegi haýyş etdi. Bu barada pepelac.news habar berýär.

Microsoft täze şriftleri eýýäm aldy we olaryň haýsysynyň “standart” hökmünde goýulmalydygy barada ulanyjylaryň jogaplaryny ýygnamaga girişdi.
Täze şriftlere gysgaça häsiýetnama bersek, Tenorite şrifti giň belgili we anyk şekili bolan nusgawy Times New Roman şriftine meňzeýär. Skeena harplaryň inçe we ýogyn bölekleriniň arasyndaky tapawudy görkezýär. Bierstadt geçen asyryň ortalaryndaky Şweýsariýanyň tipografiýasyndan ugur alýar. Seaford ähli hödürlenen şriftleriň arasynda has nusgawydyr. Dizaýnerleriň aýtmagyna görä, olar gadymy kürsülerden ylham aldylar. Ulanyjylar onuň uzyn resminamalary okamak üçin beýleki şriftlerden has gowudygyny bellediler. Grandview bolsa nemes ýol belgilerinden ruhlandy. Ol örän düşnükli bolup, uly göwrümli tekstler bilen işlemek üçin laýyk gelýär.
Adaty şrifti çalyşmazdan ozal, şriftleriň bäşisi-de ulanyjylaryň işläp bilmegi üçin Microsoft 365 web-serwisine goşular. Indiki aýlarda kompaniýa olara baha berer we ulanyjylaryň pikirlerini jemlär. Gutarnykly karardan soň, täze şrift 2022-nji ýylda Microsoft Office programmalarynda peýda bolar.

düýn 21:05
3.9k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....

17.05.2026 23:10
8.4k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
8.2k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......

11.05.2026 11:37
4.7k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....