Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana resmi saparyny amala aşyrar

  • 04.05.2021 09:48
  • 12k+

2021-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana resmi saparyny amala aşyrylar. Sapara görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdiniň arasynda geçirilen telefon arkaly gepleşikde maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşlikde ministrler saparyň guramaçylygyna, şol sanda saparyň öň ýanynda geçiriljek Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisiniň taýýarlygyna baha berdiler.
Taraplar şeýle-de şu ýyl Türkmenistanda VI Hazar Sammitiniň geçirilmegine degişli meselelere-de seretdiler.
Ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryna garalanda taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň dowam edilmegi babatda ylalaşdylar.

şu gün 14:43
2.9k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

düýn 19:01
1.4k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
4.7k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2.1k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......