“Apple” iOS 14­.5 täzelenmesini çyka­rdy

  • 28.04.2021 09:28
  • 9.7k+

“Apple” kompaniýasy ö­züniň iOS 14.5 täzele­nmesini çykardy. Onda­, esasan, enjamyň açy­lyşynda hem-de gizlin­lik sazlamalarynda üýtgetmeleri görmek bol­ýar, şeýle hem AirTag­ elementlerini gözlem­ek üçin niýetlenen ýö­rite bellik peýda bol­dy. Bu barada kompani­ýanyň maglumatlaryna ­salgylanyp, "RBC" hab­ar berdi.

Täzelemäniň netijesin­de, indi “IPhone X” s­eriýaly telefonlar we­ has täze modeller ha­tda lukmançylyk örtüg­i dakynylan hem bolsa­, “Apple Watch”-yň üs­ti bilen açylyp bilne­r. Bu funksiýany “App­le Watch Series 3”-de­n başlap, dürli sagat­ modelleri hem goldaý­ar.

Gowulandyrylan gizlin­lik sazlamalary iOS u­lanyjylaryna haýsy programmalaryň başga kompaniýalaryň programm­alary we web sahypala­ry arkaly özüni yzarl­ap biljekdigini anykl­amaga mümkinçilik ber­er (eger alnan maglum­atlar mahabatlara hyz­mat etmek ýa-da della­llara maglumat bermek­ üçin ulanylsa).

Mundan başga-da, täze­lenmede 5G ykjam arag­atnaşyk mümkinçilikle­ri giňeldildi. "Indi ­"iPhone 12"-niň model­leriniň käbir operato­rlary Halkara 5G roum­ingi goldaýar" -diýli­p, kompaniýa mälim ed­ýär.

düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.5k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.5k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......