Dünýädäki iň uly aýsberg eredi

  • 20.04.2021 18:47
  • 41k+

Dünýäde iň uly aýsberg hökmünde belli bolan A68 aýsbergi eredi. Ol uly bolmadyk birnäçe böleklere bölündi diýip, pcnews.ru habar berdi.

2017-nji ýylda Antarktikadan bölünip aýrylanda A68 aýsberginiň tutýan meýdany 6 müň inedördül kilometre golaýdy. Munuň özi kiçeňräk bir ýurduň tutýan meýdanyna barabar hasaplanýar. Aýsbergiň ululygy 175-den 50 kilometre çenli bolup, agramy bolsa bir trillion tonna deňdir.
Indi emeli hemralar bu aýsbergiň bütinleý diýen ýaly gözden ýitendigini, onuň hatda yzarlanyňa-da degmeýän köp sanly ownuk-uşak böleklere bölünendigini görkezýär. Aýsbergiň tolkunlar, ýyly suw we Atlantikada howanyň has ýokary temperaturasy sebäpli erändigi bellenilýär. Aslynda bolsa, alymlar A68-iň şeýle uzak saklanmagynyň özüne geň galýarlar.
A68-iň sosial medianyň ýyldyzy bolan ilkinji aýsberg hökmünde ýatda galmagy ähtimal diýip, "BBC" belleýär.  Sebäbi häzire çenli adamlar onuň hemradan alnan suratlaryny ýygy-ýygydan paýlaşýardylar.

25.06.2026 12:37
6.9k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.5k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....