R.Meredow Owganystanyň Haj we din işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

  • 08.04.2021 08:43
  • 7.7k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistana iş sapary bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Haj we din işleri boýunça ministri Mohammed Kasim Haliminiň ýolbaşçylygyndaky owgan wekilleri bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýän döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtap geçdiler.
Ministr Mohammed Kasim Halimi ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli köpsanly taslamalarda öz beýanyny tapýan Türkmenistanyň Owganystana we onuň halkyna berýän doganlyk goldawynyň ähmiýetini belläp geçdi.
Şunuň bilen baglylykda, ministr Halimi türkmen tarapynyň tagallasy bilen Owganystanyň çäginde gurulýan jemgyýetçilik desgalaryň, hususan-da, iki döwletiň dostluk nyşanyna öwrülen Farýab welaýatynda gurlan metjidiň ähmiýetini belledi.
Owganystanda parahatçylyk prosesiniň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. Türkmen tarapynyň bu prosesiň ilerledilmegine syýasy-diplomatik usullar arkaly goşant goşmaga taýýardygy ýene bir gezek tassyklanyldy.
Taraplar bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda-da iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

düýn 14:43
7.1k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

14.05.2026 18:54
5.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......