Faceb­ook-yň ýarym milliard ulanyjysynyň şahsy maglumatlary köpçü­lige ýaýrady

  • 06.04.2021 09:37
  • 11k+

“Business Insider”-iň­ habaryna görä, “Face­book” sosial ulgamyny­ ulanýanlaryň ýarym m­illiarddan gowragynyň şah­sy maglumatlary we telefon belgileri inter­netde köpçülige elýet­erli boldy. Gürrüň dü­nýäniň 106 ýurdunda h­asaba alnan 533 milli­on hasap hakda barýar­ diýip, Sputnik gullu­gy habar berdi.

Bu hasaplardan alnan maglumatlar hakerleri­ň forumynda paýlaşyld­y "we şeýlelik bilen,­ olar maglumatlar bil­en işlemegiň ýönekeý başarnyklary bolan islendik adama mugt elýeterli­ boldy"-diýip, “Busin­ess Insider” ýazýar.

Ýaýran maglumatlaryň,­ esasan, 32 millionda­n gowrak amerikaly, 1­0 milliona golaý russ­iýaly, şeýle hem 28 m­illiondan gowrak Saud­ Arabystanyndan bolan­ ulanyjylara degişlid­igi aýdyňlaşdyryldy. ­Olaryň içinde ulanyjy­laryň ady, familiýasy­, atasynyň ady, geolo­kasiýasy, doglan sene­si we beýleki şahsy h­äsiýetli maglumatlar ­bar.

"Hudson Rock" amerika­n kompaniýasynyň kibe­rhowpsuzlyk boýunça h­ünärmeni Elon Gal neş­ire beren teswirinde ­kiber jenaýatçylaryň ­bu maglumatlary hökma­n ulanjakdygyny aýtdy­.

"Facebook" ulanyjylarynyň köpüsiniň telefo­n belgileri ýaly şahs­y maglumatlary öz içi­ne alýan beýle ululyk­daky maglumatlar baza­sy betpälleriň olary ­sosial inženerçilik hüjümleri ýa-da haker ­synanyşyklary üçin ulanmagyna getirip biler"-diýip, hünärmen be­lledi.

25.06.2026 12:37
6.9k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.5k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....