“Harri Potteriň” lord Wolan-de-Mort baradaky prikweliniň resmi treýleri çykdy

  • 19.03.2021 23:43
  • 11k+

Internetde “Harri Potteriň” Gontlaryň maşgalasynyň taryhy we lord Wolan-de-Mortuň döreýşi baradaky prikweliniň resmi treýleri peýda boldy. Roligi YouTube-da görmek bolýar diýip, csn-tv.ru habar berýär.

Film “The House of Gaunt” adyny aldy. Lenta fransuz kompaniýalary Grimaud Production we Le Sous-Marin Productions tarapyndan döredildi. Gysga metražly filmiň birinji bölüminde ata-babalaryna ünsi jemläp, gara jadygöýüň gelip çykyşy düşündirilýär. Ikinji bölümde topar Wolan-de-Mortuň güýjüniň iň ýokary derejesine ýeten döwrüne üns bermek isleýär.

Ilkinji aýda rolige 500 müňden gowrak ulanyjy tomaşa etdi. Tankytçylar kartinanyň üstünlikli bolmak üçin ähli mümkinçiliginiň bardygyny belleýärler.
Filmiň režissýory Žoris Fokon Grimo boldy. Gara Lorduň keşbini aktýor Maksans Dane-Fowel ýerine ýetirdi. Filmiň surata düşürilişi 2 ýyl dowam etdi. Onuň premýerasy 2021-nji ýylyň 29-njy maýynda Ýewropada geçiriler. Şondan soň lenta YouTube-da we akym hyzmatlarynda elýeterli bolar.

düýn 23:23
698

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

düýn 17:11
1.2k+

Rimde iňlis dilinde ýazylan VII asyra degişli iň gadymy goşgynyň nusgasy tapyldy

Rim şäheriniň Milli merkezi kitaphanasynda VII asyrda döredilen we iňlis dilinde şu güne çenli saklanyp galan iň gadymy şygyr bolan «Kedmonyň senasynyň» ozal näbelli bolan golýazmasy tapyldy. «The Guardian»......

düýn 15:54
3.2k+

Dubaýda 9,25 milliard dollarlyk «Altyn liniýa» gurulýar: metro ulgamy 25% giňeler

Dubaýda bahasy 9,25 milliard dollara barabar bolan metronyň täze «altyn liniýasynyň» gurluşygy yglan edildi. Bu taslama barada emirligiň häkimi şeýh Muhammed bin Raşid Al Maktum habar berdi....

düýn 15:06
1.1k+

Totyguşlaryň adamlara ýörite yşaratlar arkaly ýüzlenýändigi anyklandy

Geçirilen täze ylmy barlag totyguşlaryň kesgitli adamlara we haýwanlara ýüzlenmek üçin özboluşly ses signallaryny ulanýandygyny görkezdi. Bu barada Phys.org ylmy portalynda çap edilen makalada aýdylýar....