Amerikan geofizikler birleşigi: 2100-nji ýyla çenli tomus ýarym ýyl dowam eder

  • 13.03.2021 14:02
  • 12k+

Amerikan geofizikler birleşiginiň alymlary üýtgäp durýan howa şertlerinde pasyllaryň nähili üýtgeýändigini hasaplamak kararyna geldiler. Olar 1952-nji ýyldan 2011-nji ýyl aralygyndaky gündelik howa maglumatlaryny seljerip, bu döwürde tomsuň 17 gün uzalandygyny, gyşyň üç gün gysgalandygyny anykladylar. Bu barada news.mail.ru habar berýär.

Temperaturanyň üýtgemegi ol ýa-da beýleki bir möwsümi kesgitlemekde başlangyç nokat hökmünde kabul edildi. Eger birnäçe hepdäniň dowamynda öňki görkezijiden 25% ýokary ýa-da pes durnukly temperatura dörän bolsa, täze temperaturanyň ilkinji güni täze möwsümiň başlangyjy hökmünde kabul edildi.
Alymlar derňew işiniň dowamynda ýazyň we tomsuň ir, güýz bilen gyşyň giç başlaýandygyny anykladylar. Pasyllaryň aýlawynyň üýtgemegi, esasan, Ortaýer deňzinde we Tibetde göze ilýär.
Hünärmenler alnan maglumatlaryň esasynda temperatura modellerini guradylar. Dünýäde howa üýtgemeleriniň netijelerini gowşatmak boýunça ähmiýetli çäreler görülmese, XXI asyryň ahyryna çenli planetada alty aýlyk tomus bolar. Şol bir wagtyň özünde gyş, güýz we ýaz gysgalyp, iki aý töweregi dowam eder.

şu gün 06:42
3.9k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

düýn 23:52
5.8k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

düýn 10:55
1.5k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

düýn 08:39
977

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....